Koronawirus Täsirini Dowam Etdirýär

ABŞ-da koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 198 müň 562, hasaba alynan kesellileriň sany 6 million 711 müň  385 adama ýetdi

1490491
Koronawirus Täsirini Dowam Etdirýär

 

Dünýäde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 929 müň 190, wirusa ýoluganlaryň sany 29 million 225 müň, wirusy ýeňenleriň sany 21 million 49 müň adamdan geçdi.

Epidemiýanyň merkezi ABŞ-da koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 198 müň 562, hasaba alynan kesellileriň sany 6 million 711 müň  385 adama ýetdi.

Braziliýada koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 415 adam artyp 131 müň 663, wirusa ýoluganlaryň sany 14 müň 768 adam artyp 4 million 330 müň 455 adama ýetdi.

Meksikada epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 1 günde 217 adam artyp 70 müň 821, hasaba alynan kesellileriň sany 4 müň 408 adam artyp 668 müň 381 adama ýetdi.

Epidemiýanyň Ýewropadaky merkezi Britaniýada 41 müň 628 adam ýogaldy, 368 müň 504 adam hem hasaba alyndy

Fransiýada Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 6 adam artyp 30 müň 916, wirusa ýoluganlaryň sany 7 müň 183 adam artyp 381 müň 94 adama ýetdi.

Italiýada koronawirus sebäpli 35 müň 610 adam ýogaldy, wirusa ýoluganlaryň sany 1458 adam artyp 287 müň 753 adama ýetdi.

 

Kovid-19 sebäpli

Peruda 30 müň 710

 Ispaniýada 29 müň 747

Kolumbiýada 22 müň 924

Çilide 11 müň 949

Argentinada 11 müň 352 adam ýogaldy.

 



Degişli Habarlar