Ysraýylyň We Birleşen Arap Emirlikleriniň Wekilleri Ak Tamda Duşuşar

Ysraýyl bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky şertnama 15-nji sentýabrda ABŞ-da resmi taýdan gol çekişiler

1487428
Ysraýylyň We Birleşen Arap Emirlikleriniň Wekilleri Ak Tamda Duşuşar

 

Ysraýyl bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda “gatnaşyklaryň dolulygyna kadalaşmagy” şertnamasyna 15-nji sentýabrda ABŞ-da resmi taýdan gol çekişiler

Iki ýurduň arasyndaky şertnamanyň resmi gol çekişlik dabarasynyň 15-nji sentýabrda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň ýolbaşçylygynda Ak Tamda geçirişjekdigini ýatladan ýolbaşçylar, Birleşen Arap Emirlikleriniň adyndan dabara Mirasdar Şazada Muhammed Bin Zaýidiň dogany BAE-niň Daşary işler ministri Abdullah Bin Zaýid Al Nahýanyň, Ysraýylyň adyndan Premýer ministr Binýamin Netanýahunyň gatnaşmagynda garaşylýandygy nygtaldy.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp 13-nji awgustda Ysraýyl bilen BAE-niň “gatnaşyklaryň dolulygyna kadalaşmagy” üçin ylalaşyk gazanandyklaryny mälim edipdi.

BAE, 1979-njy ýylda Müsürden we 1994-nji ýylda Iordaniýadan soň Ysraýyl bilen gatnaşyklarynyň kadalaşmagy üçin şertnama baglaşan üçünji arap ýurdy boldy.



Degişli Habarlar