Liwiýa Gepleşikleri Marokkoda Başlady

“Krizisi çözmek, bölünşigiň we täze söweşiň öňüni almak üçin jogapkärçilikli hereket etmelidiris”

1486197
Liwiýa Gepleşikleri Marokkoda Başlady

 

Liwiýanyň hökümeti bilen ýurduň gündogarynda iş alyp barýan illegal ýaragly güýçleriň lideri Halif Haftaryň syýasy hyzmatdaşy Tobruk Wekiller Mejlisiniň arasynda iki gün dowam etmegine garaşylýan gepleşikler Marokkonyň Buznika şäherinde başlady.

Liwiýanyň Ýokary döwlet geňeşiniň wekili Abdusselam As Safrawi, “Krizisi çözmek, bölünşigiň we täze söweşiň öňüni almak üçin jogapkärçilikli hereket etmelidiris” diýdi.

Safrawi, gepleşikleriň, ýurtdaky dartgynlygyň ortadan aýrylmagyna we syýasy etabyň başlamagyna goşant goşmagyny umyt edýändigini belledi.

Marokkonyň Daşary işler ministri Nasyr Burita hem gepleşikler barada beren beýabatynda “Liwiýa krizisiniň ortadan aýrylmagyna sebäp bolup biljek başlangyçlar bolup biler” diýdi.

Liwiýa gepleşiklerine, Liwiýanyň Ýokary döwlet geňeşinden we Haftaryň syýasy hyzmatdaşy TM-den ybarat iki wekiliýet gatnaşýar.


Etiketkalar: #Haftar , #gepleşikler , #Liwiýa

Degişli Habarlar