Dünýäde Kovid-19-a ýolugýan adamlaryň sany 27 million 116 müň adama ýetdi

Dünýäde koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 19 million 239 müň adamdan geçdi

1485754
Dünýäde Kovid-19-a ýolugýan adamlaryň sany  27 million 116 müň adama ýetdi

 

Dünýä derejesinde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň 884 müň 620 adamdan, wirusa ýoluganlaryň sany 27 million 116 müň adamdan, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 19 million 239 müň adamdan geçdi. 

Hindistanda soňky 24 sagatda ýene-de 1 müň 65 adamyň ýogalmagy bilen ýurtda, Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 70 müň 802 adama ýetdi. Hindistanda wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 90 müň 632 adam artyp, jemi 4 million 131 müň adama ýetdi. 

Eýranda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 139 adam artyp, 22 müň 293 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 1 müň 992 adam artyp, 386 müň 658 adama ýetdi. 

Yrakda koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 1 günde 90 adam artyp, 7 müň 512 adama ýetdi. Ülkede wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 3 müň 651 adamlyk artyş bilen 260 müň 370 adama ýetdi. 

Russiýada täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 17 müň 820 adama, wirusa ýolugandygy anyklananlaryň sany bolsa 1 million 25 müň adama ýetdi. 

Koronawirus epidemiýasy boýunça soňky 24 sagatda Hytaýda 10, Günorta Koreýada bolsa ýene-de 167 adam wirusa ýolukdy. 

Ysraýylyň Saglygy goraýyş ministrligi, Kovid-19 bilen kesellän ýene-de 14 adamyň ýogalandygyny, şeýlelik bilen ýurtda koronawirus sebäpli adam ýitgisiniň 1 müň 7-ä ýetendigni, ýene-de 2 müň 517 adamyň Kovid-19 bilen kesellemegi bilen bolsa wirusa ýoluganlaryň sanynyň 128 müň 936 adama ýetendigini habar berdi. 

Koronawirus epidemiýasy sebäpli Marokkoda ýogalanlaryň sany 1 müň 329 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 70 müň 160 adama ýetdi. 

Iordaniýada wirus sebäpli 16 adam ýogaldy. Ýurtda Kovid-19 bilen kesellänleriň sany bolsa 2 müň 353 adama ýetdi. 

Tunisde Kovid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 93 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 4 müň 776 adama ýetdi. 

196 adamyň epidemiýa sebäpli ýogalan Bahreýnde, wirus ýokanlaryň sany 54 müň 771 adama ýetdi.

Saud Arabystanynda Kovid-19 pandemiýasy sebäpli adam ýitgisi 4 müň 81-e, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 320 müň 688 adama ýetdi. 

Afrika materiginde koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 31 müň 131 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 1 million 297 müň adama ýetdi. Şu günki güne çenli iň köp adam ýitgisi 14 müň 779 adam bilen Günorta Afrika Respublikasynda, 5 müň 511 adam bilen Müsürde, 1539 adam bilen bolsa Alžirde bellige alyndy. 



Degişli Habarlar