Britaniýada guralan pyçakly hüjümlerde 1 adam ýogaldy

Britaniýanyň Birmingem şäherinde guralan pyçakly hüjümlerde 1 adam ýogaldy

1485705
Britaniýada guralan pyçakly hüjümlerde 1 adam ýogaldy

Birmingem şäherinden jogapkär West Midlands polisiýa gullugyndan berilen beýanatda, düýn gije şäheriň biri-birinden tapawutly ýerlerinde guralan hüjümlerden soň jenaýat bilen bagly derňew işiniň başladylandygy habar berildi. 

Wakada 1 adamyň ýogalandygy, 2-siniň saglyk ýagdaýy agyr jemi 7 adamyň bolsa ýaralanandygy mälim edilen beýanatda, hüjümleriň biri-birleri bilen arabaglanşyklydygy we jogapkärleriň tapylmagy üçin derňew işiniň dowam edýändigi aýan edildi. 

Beýanatda hüjümleriň terrorçylykly aksiýalar bolmandygy, toparlaryň arasyndaky düşünişmezçiliklerden ybarat bolup biljekdigi habar berildi. 

Britaniýanyň Daşary işler ministri Dominik Raab hem wakanyň terrorçylykly hüjümler bolup biljekdigini görkezýän hiç hili subutnamanyň bolmandygyny beýan etdi. 



Degişli Habarlar