Tramp: "Musulman terrorçylar diýen alyp baryjy kowulsyn" diýdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, gatnaşan ýaýlymlaryň birinde "Musulman terrorçylar" sözüni ulanan MSNBC alyp baryjysy Joý Reidiň kowulmagyny talap etdi

1484105
Tramp: "Musulman terrorçylar diýen alyp baryjy kowulsyn" diýdi

Joý Reid, gatnaşan telewideniýe kanallaryndaky gepleşikleriň birinde Trampyň we oňa goldaw berýän tarapdarlarynyň radikallaşandygyny belläp, munyň Yslam ýurtlaryndaky adamlaryň terrorizirlemek bolmagyna meňzeýändigini belledi. 

Ady agzalan gepleşikden soň, bu sözleriň "Yslamafobik" we "Rasist" sözlerdigini aýdan sosial medianyň ulanyjylary, Reidiň musulmanlar bilen terrory arabaglanşdyrmagyna nägilelik bildirdiler. 

Reidiň bu sözlerine bolsa soňky reaksiýany Tramp bildirdi. 

Tramp mesele bilen baglanşykly: "Ukypsyz Joý Reid, elhenç bir söz bolan Musulman terrorçylar sözüni ulanandygy üçin kowulmaly. MSNBC telewideniýe kanalynda daşary ýurt duşmançylygy we rasizm. Başga biri bolan bolsa eýýäm işinden giderdi" diýip nygtady. 


Etiketkalar: #musulman , #MSNBC , #Donald Tramp

Degişli Habarlar