Peskow Nawalnyýnyň zäherlenendigi baradaky öňe sürmeleri kabul etmeýändiklerini belledi

Peskow, Nawalnyýnyň zäherlenmeginiň kim üçin bähbitlidigini bilmeýändiklerini nygtady

1484331
Peskow Nawalnyýnyň zäherlenendigi baradaky öňe sürmeleri kabul etmeýändiklerini belledi

Russiýanyň hökümetiniň Metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow, rus oppozisioner Alekseý Nawalnyýnyň zäherlenmegi bilen baglanşykly ýurdyna garşy ýöňkelýän günäkärlemeleri kabul etmeýändiklerini habar berdi. 

Dmitriý Peskow, ýurdyň paýtagty Moskwa şäherinde metbugat işgärlerine, Germaniýanyň hökümetiniň Berlinde bejergisi dowam edýän Alekseý Nawalnyýnyň çürt-kesik zäherlenendigi barada beren beýanatlarynyň üstünde durup geçdi. 

Alekseý Nawalnyýnyň, zäherlenmegi bilen baglanşykly Russiýa garşy günäkärlemeleri kabul etmeýändiklerini aýdan Peskow: "Russiýany günäkärlemek üçin hiç hili sebäp ýok. Bu meselä ünsli çemeleşmek gerek. Şol çäkde islendik günäkärlemäni kabul etmegiň tarapdary däldiris" diýip belledi. 

"Sanksiýa ritorikaasynyň" hem kabul edilmejekdigini aýdan Peskow, sanksiýalara nämeleriň sebäp bolup biljekdigine düşünmeýändiklerini habar berdi. 

Russiýanyň Prokuraturasynyň ozal Germaniýa mesele bilen baglanşykly ýüzlenme ugradandygyny ýatladan Peskow: "Derňew komitedimiz gerek bolan derňew işlerini geçirýär. Bu işlere nemes tarapynyň üýşüren maglumatlary goltgy berer. Häzirki wagta çenli bize hiç hili maglumat gelmedi. Mesele bilen bagly maglumatlary iň ýakyn wagtda aljakdygymyzy umyt edýäris" diýip belledi. 

Germaniýaly hyzmatdaşlaryndan maglumat gelmedigi üçin derňew işiniň başladylmandygyny aýdan Peskow, Nawalnyýnyň zäherlenmeginiň kim üçin bähbitlidigini bilmeýändiklerini nygtady. 



Degişli Habarlar