“Nawalnyýnyň Zäherlenendigi Ýalan”

Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko rus oppozisioner Alekseý Nawalnyýnyň zäherlenendiginiň dolulygyna ýalandygyny aýtdy

1484333
“Nawalnyýnyň Zäherlenendigi Ýalan”

Lukaşenko paýtagt Miniskdäki Garaşsyzlyk köşkünde Russiýanyň Premýer ministri Mihail Mişustin bilen geçiren duşuşygynda ýurdundaky prezident saýlawyndan soň geçirilen protest aksiýalary barada garaýyşlaryny beýan etdi.

Bu wakalaryň özleri üçin ders bolmalydygyny nygtan Lukaşenko, şonuň netijesinde Russiýa bilen Belarusyň ozal ylalaşmaýan uğurlarynda ylalaşmagy üçin amatly şertleriň dörändigine ünsi çekdi.

Prezident Lukaşenko Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkeliň rus oppozisioner Alekseý Nawalnyýnyň zäherlenendigi hakyndaky beýannamasyndan ozal Belarusyň harby razwedkasynyň Warşawa bilen Berliniň arasynda geçirilen gepleşigiň ýazygysyny ele geçirendigini aýtdy.

Şol ýazgyny Russiýanyň Fedaral howpsyzlyk gullugyna berjekdiklerini aýdan Lukaşenko: Şol gepleşik şuny görkezýär: Nawalnyýnyň zäherlenendigi doly ýalan. Nawalnyý zäherlenmedi” diýdi.

Gepleşigiň ýazygysynda Merkele Nawalnyýnyň zäherlenendigi hakyndaky beýannamanyň “Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň Belarusa goşulmazlygy” üçin berdirilendiginiň aýdylýandygyny öňe süren Lukaşenko, şol planyň golaýda Russiýada geçiriljek dürli derejelerdäki sebitleýin saýlawlaryn öň ýanynda berilendigine ünsi çekdi.

Russiýanyň Premýer ministri Mişustin bolsa iki ýurduň taryhy we medeni gatnaşyklaryna ünsi çekip; “Russiýa Belarusyň territorial bitewiligini, garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny doly goldaýar” diýdi.

 



Degişli Habarlar