ABŞ-da Koronawirusa Ýoluganlaryň Sany 6 Million 250 Müň Adamdan Geçdi

Dünýäde wirusa ýoluganlaryň sany 25 million 851 müň adamdan geçdi

1483176
ABŞ-da Koronawirusa Ýoluganlaryň Sany 6 Million 250 Müň Adamdan Geçdi

 

Dünýäde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 860 müň, wirusa ýoluganlaryň sany 25 million 851 müň, wirusy ýeňenleriň sany 18 million 87 müň adamdan geçdi.

Epidemiýanyň merkezi ABŞ-da koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 188 müň 681, wirusa ýoluganlaryň sany 6 million 250 müň adamdan geçdi. Ak Tam  12-nji sentýabrdan başlap koronawirusa garşy görlen çärelerden soň hepde-de 2 gün gezelençler üçin açylar. Ak Tam 12-nji martda epidemiýa sebäpli gezelençlere ýapylypdy. Nýu-Ýork şäherinde mekdepleriň 10-njy sentýabrda açylmagy meýilleşdirilýärdi emma mekdepleriň 21-nji sentýabrda açylmagy barada karar kabul edildi.

Italiýada epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 8 adam artyp 35 müň 491, wirusa ýoluganlaryň sany 978 adam artyp 270 müň 189 adama ýetdi.


Etiketkalar: #ABŞ , #epidemiýa , #koronawirus

Degişli Habarlar