Ýaponiýa Täze Premýer Ministrini 17-nji Sentýabrda Saýlar

Geçen hepde wezipesinden çekilen Ýaponiýanyň Premýer ministri Şinzo Abeniň ýerine kimiň geçjekdigi 17-nji sentýabrda belli bolar

1482016
Ýaponiýa Täze Premýer Ministrini 17-nji Sentýabrda Saýlar

Ýurduň döwlet ýaýlymlary edarasy “NHK-niň” habar bermegine görä hâkimiýet başyndaky Liberal demokrat partiýanyň ertir geçiriljek umumy maslahatynda täze premýer ministriň haçan saýlanjakdygy boýunça iş kalendary kesgitlener.

Liberal demokrat partiýanyň başlyklyk bäsleşigini sentýabr aýynda tamamlap, täze premýer ministriň saýlanmağy üçin mejlisiň nobatdan daşary maslahatynyň 17-nji sentýabrda geçirilmegi üçin çagyryş eder.

Liberal demokrat partiýanyň Syýasy analizler geňeşiniň başlygy we ozalky daşary işler ministri Kişida Fumio bilen partiýanyň ozalky baş sekretary we ozalky Goranmak ministri İşiba Şigerunyň bäsleşige gatnaşjakdygy habar berildi.

“Kiodo” gullugynyň habar bermegine görä Ministrler kabinetiniň Baş sekretary Suga Ýoşihidäniň hem dalaşgär bolmagyna garaşylýar.



Degişli Habarlar