"Gündogar Ortaýer Deňizindäki Dartgynlyk Gepleşik Arkaly Çözülip Biliner"

Angela Merkel Gündogar Ortaýer deňizindäki dartgynlygyň gepleşik arkaly çözülip bilinjekdigini nygtady

1480873
"Gündogar Ortaýer Deňizindäki Dartgynlyk Gepleşik Arkaly Çözülip Biliner"

 

Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel Gündogar Ortaýer deňizindäki dartgynlygyň gepleşik arkaly çözülip bilinjekdigini nygtady.

Merkel metbugata beren beýanatynda “Men Türkiýe bilen Gresiýanyň arasyndaky dartgynlygyň möwjemezligi üçin tagalla etdim. Başdan geçirilýän kynçylyklar kä mahal diňe iki tarapyň birnäçe gezek gepleşik geçirmegi arkaly çözülýär. Ykdysady zolaklardan alynýan girdejileriň paýlaşylmagy meselesi diňe iki tarapyň gepleşik geçirmegi arkaly çözülip bilner. Germaniýa munyň üçin tagalla edýär” diýdi.

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen hem gepleşik geçirendigine, Türkiýe bilen Gresiýanyň NATO agza iki hyzmatdaşdygyna ünsi çeken Merkel “Düşnüşmezlik NATO agza iki ýurduň arasynda başdan geçirilýär we biz mesele bilen ýakyndan gyzyklanýarys “diýip belledi.

Merkel Prezident R. T. Erdogan bilen hem ýygy-ýygydan gepleşik geçirýändigine ünsi çekdi.

 



Degişli Habarlar