“Amerikan Esgerleri Siriýada Rus Esgerleriniň Geçişini Bökdemäge Synanşdy”

Russiýa Siriýanyň gündogarynda rus we amerikan harby ulaglarynyň kakyşmagynda ABŞ-nyň esgerleriniň rus harby gözegçilik toparynyň geçişini bökdemäge synanşandygyny beýan etdi

1480139
“Amerikan Esgerleri Siriýada Rus Esgerleriniň Geçişini Bökdemäge Synanşdy”

Russiýanyň Goranmak ministrliginden berilen beýannamada waka boýunça Russiýanyň Baş ştabynyň Başlygy Waleriý Gerasimowyň ABŞ-nyň Baş ştabynyň başlygy Mark Milleý bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigi habar berildi.

Beýannamada Amerikan tarapynyň rus harby ulag kerweni geçmezden ozal düzgünlere laýyklykda öňünde maglumat berilendigine üns çekilip; “Emma muňa garamazdan ABŞ-nyň ýaragly güýçleriniň esgerleri bar bolan ylalaşygyn düzgünlerini bozup, rus gözgçilik toparynyň geçmegine ýol bermek islemedi. Harby polise garşy çareleriň öňüni almak we polislerin wezipesine berjaý etmegi üçin Russiýanyň ýaragly güýçleri degişli çäreleri gördi” diýilýär.

Öňňin Siriýanyň gündogarynda rus harby ulag kerwebindäki ulaglardan biri bilen ABŞ-na degişli harby ulagyň kakyşmağy netijesinde 4 Amerikan esgeriniň ýaralanandygy öňe sürülip, heläkçiligin bolan ýerinde rus harby dik uçarynyň ýokary tizlikde we pessaý uçandygy habar berilipdi.



Degişli Habarlar