Owganystanyň demirgazygynda Talibanyň guran hüjüminde üç adam ýogaldy

Hüjümiň jogapkärçiligini Taliban öz üstüne aldy

1478832
Owganystanyň demirgazygynda Talibanyň guran hüjüminde üç adam ýogaldy

Owganystanyň demirgazygyndaky Balh welaýatynda bomba ýüklenen ulag bilen guralan hüjümde 3 adam, ýogaldy, 41 adam ýaralandy. 

Owganystanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, hüjümçiniň bomba ýüklenen ulag bilen Balh welaýatynyň merkezi etrabyny nyşana alyp, hüjüm gurandygy aýan edildi. 

Hüjümde 2-si asuda ilatdan bolmak bilen jemi 3 adamyň ýogalandygy habar berilen beýanatda, 41 adamyň bolsa ýaralanandygy mälim edildi. 

Hüjümde golaýdaky binalara hem zyýan ýetendigi, ýogalanlaryň sanynyň artmagyna alada bildirilýändigi beýan edildi. 

Hüjümiň jogapkärçiligini Taliban öz üstüne aldy. 



Degişli Habarlar