Germaniýanyň Daşary işler ministri Maasdan Gündogar Ortaýer deňizi boýunça dialog çagyryşy

Daşary işler ministri Haýko Maas Gündogar Ortaýer deňizi boýunça dialog çagyryşyny berdi

1478801
Germaniýanyň Daşary işler ministri Maasdan Gündogar Ortaýer deňizi boýunça dialog çagyryşy

 

Germaniýanyň Daşary işler ministri Haýko Maas, Gündogar Ortaýer deňizi boýunça Türkiýäniň we Gresiýanyň gönüden dialoga geçmeklerini teklip etdi. 

Haýko Maas, şu gün Afiny we Ankara gurajak saparyndan ozal beren beýanatynda, Türkiýäniň we Gresiýanyň Germaniýanyň NATO-da hyzmatdaşydygyny ýatlatdy. 

Gündogar Ortaýer deňizindäki tebigy gaz bilen bagly düşünişmezçilikleriň diňe halkara hukugyň çäginde we biri-birleri bilen geçiriljek dialog bilen çözülip bilinjekdigini aýdan Maas: "Dartgynlygyň mundan beýläk has hem artmagy ähli taraplara zyýan ýetirer" diýip nygtady. 

Maas, Gresiýanyň we Türkiýäniň arasynda dialog penjireleriniň ýapylmagynyň däl, eýsem has hem açylmagynyň gerekdigini belläp: "Şony etmek üçin bolsa indi täze öjükdiriji hereketleriň ýerine dartgynlygy azaltjak ädimleriň we gönüden gepleşikleriň başlamagy gerek. Ony elimizden geldigi saýyn goldamak isleýäris" diýip habar berdi. 

Maas, şu gün Afiny şäherinde geçiriljek gepleşiklerden soň, Ankara gelip, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen duşuşyk geçirer. 



Degişli Habarlar