"Özbaşdak döwletimiziň içerki işlerine açyk ýagdaýda daşardan goşulýarlar"

Aleksandr Lukaşenko gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly beýanat berdi

1477472
"Özbaşdak döwletimiziň içerki işlerine açyk ýagdaýda daşardan goşulýarlar"

Belarussiýanyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, ýurdunda özüne garşy geçirilýän protestleriň goňşy ýurtlardan guramaçylyk edilýändigini aýdyp: "Özbaşdak döwletimiziň içerki işlerine açyk ýagdaýda daşardan goşulýarlar" diýip belledi. 

Aleksandr Lukaşenko, Polşa serhediniň golaýynda ýerleşýän Grodno sebitinde harby birikmelere gözegçilik edeninden soň, şäheriň meýdançasynda geçirilen mitingde öz tarapdarlaryna ýüzlenip çykyş etdi. 

Ýurtda geçirilen Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazananyndan soň özüne garşy başladylan protestleri guraýanlaryň goňşy ýurtlardygyny aýdan Lukaşenko: "Olara duýduryş bermek isleýärin. Bu serhet diňe biziňki däl, eýsem Birlik Döwletiniň we Kollektiw Howpsuzlyk ylalaşygy guramasynyň serhedidir. Jogap örän laýyk bolar. Belarussiýa äsgermezçilik edilmegine rugsat bermeris" diýip nygtady. 

Ýurdyň günbatar serhediniň howp astyndadygyny aýdan Lukaşenko: "Günbatar serhetde durnuksyzlyk bar, howp salýarlar, özbaşdak döwletimiziň içerki işlerine açyk ýagdaýda daşardan goşulýarlar" diýip belledi. 

Beýleki tarapdan ýurdyň paýtagty Minsk şäherinde Lukaşenko garşy protestler dowam etdi. Ak egin-eşik geýen ýüzlerçe zenan bir ýere jemlenip, ellerindäki gülleri bilen Minsk şäheriniň köçelerinde demonstrasiýa geçirdiler. Polisiýa gullugynyň işgärleri demonstrantlara garşy güýç ulanmady. 



Degişli Habarlar