Liwiýa Türkiýä we Katara minnetdarlyk bildirdi

Liwiýanyň Millli Ylalaşyk hökümeti Türkiýä we Katara özlerine berýän goldawlary sebäpli minnetdarlyk bildirdi

1477467
Liwiýa Türkiýä we Katara minnetdarlyk bildirdi

Liwiýanyň Millli Ylalaşyk hökümeti, Premýer ministri Faiz Saradžyň, Wise-premýer Ahmed Muaýtikiň we Geňeşiň agzalary Muhammed Ammari Zaýidiň we Ahmed Hamzanyň gatnaşmagynda maslahat geçirdi. 

Berilen ýazmaça beýanata görä maslahatda, ýurtda başdan geçirilen soňky wakalar bilen birlikde Liwiýa krizisi bilen baglanşykly halkara we sebitleýin hadysalar ara alynyp maslahatlaşyldy. 

Liwiýanyň Milli Ylalaşyk hökümeti, Türkiýe we Katar bilen birlikde Liwiýanyň hökümeti bilen halkyna goldaw berýän dost we doganlyk ýurtlara minnetdarlyk bildirdi. 

Beýanatda, doganlyk ýurt Müsüriň hem Liwiýada parahatçylygyň we durnuklylygyň ýola goýulmagynda rol oýnamagy islendi. 


Etiketkalar: #Türkiýe , #Katar , #Liwiýa

Degişli Habarlar