Dünýäde Kovid-19-a ýoluganlaryň sany 23 million 400 müň adamdan geçdi

Dünýäde koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 15 million  934 müň adamdan geçdi

1477635
Dünýäde Kovid-19-a ýoluganlaryň sany 23 million 400 müň adamdan geçdi

Dünýä derejesinde koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 808 müň 976 adamdan, wirus ýokanlaryň sany 23 million 400 müň adamdan, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 15 million  934 müň adamdan geçdi. 

Epidemiýanyň iň köp zyýan ýetiren ýurdy bolan ABŞ-da, Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 180 müň 174 adama ýetdi. Ýurtda wirus ýokanlaryň sany bolsa 5 million 841 müň adamdan geçdi.  

Kovid-19 epidemiýasynyň iň köp zyýan ýetiren 2-nji ýurdy bolan Braziliýada, koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 114 müň 277 adamdan geçdi. Ýurtda hasaba alynanlaryň sany bolsa 3 million 582 müň adama ýetdi. 

Meksikada Kovid-19 pandemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 60 müň 254 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 556 müň 216 adama ýetdi. 

Epidemiýanyň Ýewropadaky güýç merkezi bolan Britaniýada Kovid-19-dan ýogalanlaryň sany 41 müň 423 adama, wirus ýokanlaryň sany bolsa 324 müň 601 adama ýetdi. 

Italiýada soňky 24 sagatda koronawirus epidemiýasy sebäpli ýene-de 3 adamyň ýogalmagy bilen, ýurtdaky adam ýitgisi 35 müň 430 adama ýetdi. Ýurtda koronawirus ýokanlaryň sany bolsa 1 müň 71 adam artyp, jemi 258 müň 136 adama ýetdi. 

Awstraliýada koronawirus epidemiýasy sebäpli ýene-de 17 adamyň ýogalmagy bilen, ülkedäki adam ýitgisi 502-ä ýetdi. Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 24 müň 816 adamdan geçdi. 

Kovid-19 sebäpli beýleki käbir ýurtlardaky adam ýitgileri şu aşakdaky ýaly: 

Fransiýada 30 müň 512 adam, Ispaniýada 28 müň 838 adam, Peruda 27 müň 453 adam, Kolumbiýada 16 müň 968 adam we Çilide 10 müň 792 adam. 



Degişli Habarlar