Rus aktiwist Nawalnyý, Germaniýadaky hassahanalaryň birine geçirildi

Zäherlenendigi baradaky şübhe bilen Omsk şäherindäki hassahana ýatyrylan Alekseý Nawalnyýnyň çaýyna goşulan bir madda bilen zäherlenendigi öňe sürüldi

1477285
Rus aktiwist Nawalnyý, Germaniýadaky hassahanalaryň birine geçirildi

Russiýada zäherlenendigi baradaky şübhe bilen hassahana ýatyrylan rus oppozisioner, aktiwist Alekseý Nawalnyý, Germaniýadaky hassahanalaryň birine geçirildi. 

Alekseý Nawalnynyň metbugat sekretary Kira Ýarmyş, sosial media hasabyndan beren beýanatynda, Alekseý Nawalnyýnyň we aýaly Ýuliýa Nawalnyýnyň Germaniýadan Russiýanyň Omsk şäherine ugradylan tiz kömek uçar bilen Berline ugradylandygyny habar berdi. Ýarmyş uçaryň Berline barandygyny mälim etdi. 

Alekseý Nawalnyýnyň bejergisiniň hususy uniwersitetleriň biriniň hassahanasynda dowam etjekdigi aýan edildi. 

20-nji awgustda Russiýanyň Tomsk şäherinden Moskwa gitmek üçin uçara münen Alekseý Nawalnyý, uçarda saglyk ýagdýaynyň erbetleşmegi sebäpli uçar gyssagly ýagdaýda Omsk şäherine gondy. 

Zäherlenendigi baradaky şübhe bilen Omsk şäherindäki hassahana ýatyrylan Alekseý Nawalnyýnyň çaýyna goşulan bir madda bilen zäherlenendigi öňe sürüldi. 



Degişli Habarlar