“Covid-19-y 2 Ýyldan Az Möhletde Ortadan Aýyrmagy Nazarda Tutýarys”

BSGG-nyň baş Direktory Tedros Gebreýesus täze görnüş koronawirus epidemiýasyny iki ýyldan az möhletde ýeňip geçmegi maksat edinýändiklerini aýtdy

1477274
“Covid-19-y 2 Ýyldan Az Möhletde Ortadan Aýyrmagy Nazarda Tutýarys”

Gebreýesus BSGG-nyň Şweýsariýanyň Ženewa şaherinde ýerleşýän merkezinde wideokonferensiýa arkaly geçirilen metbugat ýygnagynda sözlän sözünde dünýä boýunça wirus sebäpli ölýänleriň we hasaba alynýanlaryň sanynyň artandygyna ünsi çekdi.

Epidemiýada diňe bir hasaba alynanlaryň we ölenleriň sanynyň däl, hassahana ýatýanlaryň we reanimasiýadaky hassalaryn sanynyň hem artýandygyny, onun saglygy goraýyş ulgamlaryna uly basyş emele getirýändigini we beýleki saglyk üpjünçilikleriniň bökdelýändigini beýan etdi.

Sanjym tapylýança döwletleriň hiç haýsysynyň bar bolan şertleri dowam etdirip bilmejekdigini duýduran Gebreýesus; “Sanjym iňňän möhüm serişde we sanjymyň gysga möhletde tapylmagyny tama edýäris. Emma sanjymymyzyň boljakdygyny kepillendirýän zadam ýok we sanjym tapylaýanda-da, ol pandemiýany ortadan aýyrmaz. Ählimiz häzir bar bolan serişdelerden peýdalanyp, şol wirusa gözegçilik etmegi we ony dolandyrmagy öwrenmäge mejbur. Özümizi we biri-birimizi howpsyz saklamak üçin gündelik durmuşymyzda degişli özgerlişikleri  edeliň” diýdi.

Gebreýesus epidemiýa gözegçilik etmek üçin ýurtlaryň ýapylmagynyň saglygy goraýyş ulgamynyň üstündäki basyşy azaltjakdygyny belläp: “Emma ýapmaklyk ýurtlaryň hiç haýsy üçin uzak möhletli çözgüt däl. Ýaşaýyş we güzeran görme çeşmelerinin arasynda ýa-da saglyk bilen ykdysadyýetiň arasynda saýlama mejburlygymyz ýok. Ol ýalňyşlyk bolar. Tersine epidemiýa saglygyň we ykdysadyýetiň biri-birinden aýrylmasyzdygyny bize ýatladýar” diýdi.

 



Degişli Habarlar