Donald Tramp Türkiýe bilen bagly beýanat berdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Türkiýe we Prezident Rejep Taýýip Erdogan bilen örän gowy gatnaşyklarynyň bardygyny belledi

1476506
Donald Tramp Türkiýe bilen bagly beýanat berdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp we resmi sapar ýurduna baran Yragyň Premýer ministri Mustafa al-Kazymi, Ak Tamda geçiren duşuşyklaryndan ozal metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap berdiler. 

Yragyň Premýer ministri Mustafa al-Kazymi bilen nebit we harby gatnaşyklar bilen birlikde ençeme meseläni ara alyp maslahatlaşjakdyklaryny aýdan Tramp, Yrak bilen örän gowy gatnaşyklarynyň bardygyny nygtady. 

Tramp, çykyşynda Türkiýe bilen edilýän gatnaşyklaryň hem üstünde durup geçip: "ABŞ-nyň, esasan hem meniň Türkiýe we Rejep Taýýip Erdogan bilen örän gowy gatnaşyklarym bar. Erdogan bilen duşuşyk geçireris. Türkiýe we Erdogan bilen gatnaşyklarymyz örän, örän gowy" diýip habar berdi. 


Etiketkalar: #Türkiýe , #Donald Trump , #ABŞ

Degişli Habarlar