Parahatçylyk Çeşmesi sebitinde terrorçylykly hüjüm guraldy
Wakada 3 adam ýaralandy

Siriýanyň demirgazygyndaky Tel Abýad etrabynyň günorta-gündogaryndaky Suluk etrapçasynda bomba ýüklenen ulagyň partlamagy netijesinde asuda ilatdan 3 adam ýaralandy.
Etrabyň merkezindäki oýun parkynda guralan terrorçylykly hüjümiň netijesinde ýaralanan 3 adam Türkiýä getirildi.
Hüjümiň guralan ýerine gönükdirilen Siriýanyň Milli Goşunyna degişli esgerler we ýerli Howpsuzlyk güýçleri, hüjümiň ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK tarapyndan guralandygyny çak edýär.
Siriýanyň Milli Goşunyna degişli howpsuzlyk güýçleri bilen Milli Howpsuzlyk gullugynyň bilelikde geçiren işleriniň netijesinde şu aý Mabruke we Suluk etrapçalarynda 3 aýry terrorçylykly hüjümiň öňe alyndy.
Tel Abýad etrabynyň günorta-gündogaryndaky Suluk etrapçasy, opearsiýanayň çäginde 13-nji oktýabrda ÝPG/PKK-a agza terrorçylardan saplanypdy.
Degişli Habarlar

Peskow: "ABŞ-nyň asyl aladasy ukrainalylar däl, amerikalylaryň özleri" diýdi
Dmitriý Peskow ABŞ-nyň Ukraina berýän goldawlary we goldaw çagyryşlarynyň üstünde durup geçdi