Yragyň Premýer ministri Mustafa al Kazymi resmi sapar bilen ABŞ-na gitdi

Kazymi penşenbe güni ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen duşuşar

1475041
Yragyň Premýer ministri Mustafa al Kazymi resmi sapar bilen ABŞ-na gitdi

 

Yragyň Premýer ministri Mustafa al Kazymi resmi sapar bilen ABŞ-na gitdi.

Yragyň Premýer ministrliginden berlen beýanata görä, Premýer ministr Kazymi resmi sapar bilen ABŞ-nyň paýtagty Waşingtona gitdi.

Kazyminiň saparynyň çäginde penşenbe güni ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen duşuşjakdygy nygtaldy.

Duşuşykda özara gatnaşyklar bilen sebitara meseleleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygy bellenildi.

Ilkinji daşary ýurt saparyny Eýrana guran Kazymi, ABŞ-dan soň Iordaniýa gider.



Degişli Habarlar