“Täze konstitutsiýa görä, prezident, parlament we ýerli saýlawlar ýaňadandan geçirlip bilner"

Prezident Lukaşenko paýtagt Minskde eden çykyşynda täze konstitutsiýa barada maglumat berdi

1474635
“Täze konstitutsiýa görä, prezident, parlament we ýerli saýlawlar ýaňadandan geçirlip bilner"

 

Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko “Täze konstitutsiýa görä, prezident, parlament we ýerli saýlawlar ýaňadandan geçirlip bilner” diýdi.

Prezident Lukaşenko paýtagt Minskde eden çykyşynda täze konstitutsiýa barada maglumat berdi.

Täze konstitutsiýanyň ähli halk sese goýulşygy arkaly kabul ediljekdigini nygtan Lukaşenko, oppozisionerleriň hem pikirine görä täze konstitutsiýanyň tekstiniň taýarlanmalydygyny belledi.

Lukaşenko “Täze konstitutsiýa ähli halk sese goýulşygy arkaly kabul edilmeli. Sebäbi ozalky konstitutsiýa hem şeýle kabul edildi. Täze konstitutsiýa görä, prezident, parlament we ýerli saýlawlar ýaňadandan geçirlip bilner” diýdi.

Belarusyň Prezidenti Lukaşenko irden beren beýanatynda bolsa, hiç kimiň saýlawyň gaýtalanmagy üçin özüne basyş edip bilmejekdigini aýdypdy.

Geçen hepde Belarusda geçirlen prezident saýlawynda Lukaşenkonyň üstünlik gazanandygynyň yglan edilmeginden soň ýurtda protest ýörişleri başlapdy.

Oppozisionerler saýlawda galplyk edilendigi sebäpli saýlawyň gaýtalanmagyny isläpdi.

Belarusyň Merkezi saýlaw komissiýasyndan berlen beýanatda, prezident saýlawynda Aleksandr Lukaşenkonyň sesleriň 80,1 göterimini, iň ýakyn bäsdeşi Swetlana Tikhanowskaýanyň bolsa sesleriň 10, 12 göterimini alandygy nygtalypdy.



Degişli Habarlar