Moldowa Türkiýä minnetdarlyk bildirdi

Igor Dodon, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň hem öňümizdäki hepde Moldowa sapar gurajakdygyny mälim etdi

1474704
Moldowa Türkiýä minnetdarlyk bildirdi

Moldowanyň Prezidenti Igor Dodon, koronawirus epidemiýasyna garşy göreşde beren goldawy üçin Türkiýä we Prezident Rejep Taýýip Erdogana minnetdarlyk bildirdi. 

Moldowanyň Prezidenti Igor Dodon, özüniň Facebook hasabyndan beren beýanatynda, Bütindünýä bankyň goldawy bilen Türkiýeden 50 sany dem alyş enjamyny alandyklaryny habar berdi. Igor Dodon: "Prezident Erdogana rugsat berendigi üçin minnetdarlyk bildirýärin" diýip belledi. 

Deslapky tölegini geçirendiklerini, galan bölegini bolsa öňümizdäki günlerde geçirjekdiklerini aýdan Igor Dodon, Kovid-19 epidemiýasyna garşy göreşde beren goldawy üçin Türkiýä minnetdarlyk bildirýändigini beýan etdi. 

Igor Dodon, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň hem öňümizdäki hepde Moldowa sapar gurajakdygyny mälim etdi. 



Degişli Habarlar