Merkel bilen Putin Belarusda başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy

Angela Merkel bilen Wladimir Putin telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

1475024
Merkel bilen Putin Belarusda başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy

 

Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel bilen Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Merkel bilen Putin telefon söhbetdeşliginde 9-njy awgustda Belarusda geçirlen prezident saýlawlaryndan soň Belarusda başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy.

Germaniýa tarapyndan telefon söhbetdeşligi barada berlen ýazmaça beýanatda, Angela Merkeliň, krizisiň hötdesinden gelinmegi üçin belarus hökümetiniň parahatçylykly maksatly ýörişlerde aşa güýç ulanmakdan gaça durmalydygyna, syýasy tussaglylaryň gyssagly boşadylmagyna we oppozisionerler bilen gepleşik geçirilmegine ünsi çekendigi bellenildi.

Kremlden berlen beýanata görä bolsa, Russiýa, Belarusyň içerki işlerine goşulşylmagyna garşy durýar we krizisiň möwjäp biljekdigi barada duýduryş berýär.



Degişli Habarlar