“Erdogan Dünýä Derejesinde Ussat Küşt Oýunçysy”

ABŞ-nyň Prezidenti Tramp Erdoganyň Dünýä Derejesinde Ussat Küşt Oýunçylaryndan Biridigini Aýtdy

1474749
“Erdogan Dünýä Derejesinde Ussat Küşt Oýunçysy”

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp döwlet Ýolbaşçysy Erdogan ýaly “dünýa derejesindäki küşt oýunçysy” liderleriň bolan dünýäsinde Demokrat partiýadan prezidentlige dalaş eduän Jo Baýdeniň “akyl taýdan ýeterlik däldigini” öňe sürdi.

Donald Tramp “Fox Nýus” ýaýlymynda berilýän gepleşige telefon arkaly gatnaşyp, gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary boýunça garaýyşlaryny beýan etdi.

Tramp gepleşigiň dowamynda Demokrat bäsdeşi Baýdeni daşary syýasatyny berk tankyt etdi.

Baýdeniň iňňän zehinli dünýä liderleriniň arasyndan baş alyp çykyp bilmejekdigini nygtap, Baýdene “akyl huşy gutaran” diýdi.

Donald Tramp: “İňňän zehinli adamlara garşy durýaňyz. Şol ýurtlaryň dünýä derejesinde küşt oýunçylary bar, men olary tanaýaryn. Mysal üçin Türiýäniň Prezidenti Erdogan. Eger şeýle bolsa niredediginem bilmeýän we ýerzeminden çykyp, gürlemäge-de ýaramaýan biri size prezident bolmaly däl” diýdi.

ABŞ-nyň Prezidenti aýratynam Prezident R.T.Erdogan bilen gowy düşünişýändiklerini nygtap, käbir döwlet ýolbaşçylarynyň özünden Erdogana telefon etmegini isländigini, sebäbi Erdoganyň özüni diňleýändigini aýdandyklaryny nygtady.

Demokrat partiýadan prezidentlige dalaş edýän Jo Baýdeniň ýanwar aýynda “Nýu-Ýork Taýms” gazetinde neşir edilen interwýusynda Türkiýe hakda aýdan sözleri resmi Ankarada berk reaksiýa döredipdi.



Degişli Habarlar