ABŞ-da koronawirus epidemiýasy sebäpli adam ýitgisi 172 müň 608-e ýetdi

Dünýäde koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 14 million 350 müň 104 adama ýetdi

1473800
ABŞ-da koronawirus epidemiýasy sebäpli adam ýitgisi 172 müň 608-e ýetdi

Dünýä derejesinde koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 769 müň 459 adama, wirus ýokanlaryň sany 21 million 639 müň 715 adama, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 14 million 350 müň 104 adama ýetdi. 

Koronawirus epidemiýasynyň iň köp zyýan ýetiren ýurtlarynyň biri bolan ABŞ-da adam ýitgisi 172 müň 608 adama, wirus ýokanlaryň sany bolsa 5 million 530 müň 28 adama ýetdi. 

Epidemiýanyň Günorta Amerikadaky güýç merkezi hökmünde häsýetlendirilýän Braziliýada koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 107 müň 297 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 3 million 317 müň 832 adama ýetdi. 

Meksikada soňky 24 sagatda Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 635 adam artyp, 56 müň 543 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 6 müň 345 adamlyk artyş bilen 517 müň 714 adama ýetdi. 

9 müň 290 adamyň Kovid-19 sebäpli ýogalan Germaniýada, ýurdyň Meklenburg-Öň Pomeraniýa welaýatynyň  Lýudwigslust-Parhim etrabynda epidemiýa garşy görülýän çäreleriň düzgünleri bozulan halatynda çagalaryň ene-atalaryndan alynyp bilinjekdigi bilen bagly karar jedelleşikleriň ýüze çykmagyna sebäp boldy. 

Fransiýada epidemiýa sebäpli soňky 24 sagatda ýene-de 3 adamyň ýogalmagy bilen, koronawirus sebäpli adam ýitgisi 30 müň 409 adama, wirus ýokanlaryň sany bolsa 3 müň 310 adamlyk artyş bilen 238 müň 169 adama ýetdi. 

Awstraliýada koronawirus epidemiýasy sebäpli ýene-de 16 adamyň ýogalmagy bilen, ýurtdaky adam ýitgisi 395-e ýetdi. 

Kovid-19 epidemiýasy sebäpli beýleki käbir ýurtlardaky adam ýitgileri şu aşakdaky ýaly: Britaniýada 41 müň 361 adam, Italiýada 35 müň 392 adam, Ispaniýada 28 müň 617 adam, Peruda 26 müň 75 adam, Kolumbiýada 14 müň 810 adam, Çilide 10 müň 395 adam, Belgiýada 9 müň 935 adam, Kanadada 9 müň 24 adam, Gollandiýada 6 müň 169 adam, Şwesiýada 5 müň 783 adam we Argentinada 5 müň 637 adam. 



Degişli Habarlar