Zarif: “Daşary Ýurt Gämileri Liwanlylara Howp Salýar”

Eýranyň Daşary işler ministri Jawad Zarif Beýrudyň ýalpaklaryndaky daşary ýurt harby gämileriniň liwanlylara howp salýandygyny aýtdy

1473390
Zarif: “Daşary Ýurt Gämileri Liwanlylara Howp Salýar”

Beýruda sapar bilen baran Zarif ýerli teleýaýlyma beren interwýusynda: “Liwanyň halky Liwanyň gowulygyny islemeýänlerin dartgynlygy güýçlendirmegine ýol beren halatynda, ýurdun geljegine bolan ynam azalar” diýdi.

Liwanly resmileri ynandyran Zarif, Eýranyň Liwana haýsydyr bir şert goýmaga däl, eýsem kömek bermäge taýardygyny aýtdy.

Beýrut portundaky partlama barada-da durup geçen Zarif, şol pajyga boýunça derňew işiniň Liwan tarapyndan geçirilmelidigini we onun Liwanyň hökümeti tarapyndan alynyp barylmalydygyny nygtady.

Liwanyň harby goşunlaryndan düýn berilen beýannamada Beýrut portuna gelen dik uçar gämisi “PHA Tonnerriniň” fransuz goşunlaryndan hünärmen toparyny getirendigi mälim edilipdi.

Enjamlary bilen gelen toparyň Beýrut portundaky dikeldiş işlerine gatnaşjakdygy barada aýdylýan beýannamada, aýratynam gämide lukmançylyk enjamlarynyň we azyk önümleriniň ýany bilen gurluşyk materiallarynyň getirilendigi habar berilipdi.

Iňlis Şalygyna degişli Deňiz flotunyň “HMS Enterpris” gämisiniň bolsa 6-njy awgustda dikeldiş işlerinden ozal partlamada çekilen ýitginiň anyklanmagy boýunja iş alyp barmak üçin Beýruda gidendigi habar berilipdi.



Degişli Habarlar