Maýk Pompeo, Gresiýanyň Daşary işler ministri Nikos Dendias bilen duşuşdy

“Pompeo bilen Dendias Gündogar Ortaýer deňizinde başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy”

1473327
Maýk Pompeo, Gresiýanyň Daşary işler ministri Nikos Dendias bilen duşuşdy

 

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo, Gresiýanyň Daşary işler ministri Nikos Dendias bilen duşuşdy.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Morgan Ortagus, Pompeo bilen Dendiasyň Awstriýanyň paýtagty Wenada duşuşandygyny aýtdy.

Ortagus duşuşyk hakynda beren ýazmaça beýanatynda “Pompeo bilen Dendias ABŞ bilen Gresiýanyň arasyndaky özara gatnaşyklar we Gündogar Ortaýer deňizinde başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy” diýdi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo duşuşykda Gündogar Ortaýer deňizinde dartgynlygyň gowşamalydygyny belledi.



Degişli Habarlar