Russiýada Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 15 müň 384 adama ýetdi

Dünýäde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 757 müň 471 adamdan geçdi

1472711
Russiýada Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 15 müň 384 adama ýetdi

 

Dünýäde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 757 müň 471, wirusa ýoluganlaryň sany 21 million 72 müň, wirusy ýeňenleriň sany 13 million 924 müň adamdan geçdi.

Epidemiýanyň üçünji merkezi Hindistanda täze görnüş koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 1007 adam artyp 48 müň 153, wirusa ýoluganlaryň sany 64 müň 553 adam artyp 2 million 461 müň adamdan geçdi.

Russiýada Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 124 adam artyp 15 müň 384, hasaba alynanlaryň sany 907 müň 758 adama ýetdi.

Eýranda epidemiýa sebäpli 19 müň 162 adam ýogaldy, 336 müň 324 adama wirusyň ýokaşandygy anyklanyldy.



Degişli Habarlar