Liwanyň Saglygy Goraýyş Ministri Türkiýä Sagbolsun Aýtdy

Liwanyň Saglygy Goraýyş Ministri Hamad Hasan Türkiýäniň wekiliýeti bilen duşuşdy

1472506
Liwanyň Saglygy Goraýyş Ministri Türkiýä Sagbolsun Aýtdy

Liwanyň Saglygy Goraýyş Ministri Hamad Hasan Prezidentiň ýanyndaky Saglyk we Azyk Syýasatlary Geňeşiniň Başlygynyň wekili Professor Serkan Topalogly bilen ýanyndaky wekiliýet bilen bolan duşuşygynda Prezident Erdogana we türk halkyna sagbolsun aýtdy.

Hamad Hasan partlamadan soň Liwanyň saglyk pudagyna Türkiýäniň goşjak goşantlary boýunça ýurda sapar guran Topalogly Türk İş Hyzmatdaşlygy we Utgaşdyryjy Agentligiň Ýakyn Gündogar we Afrika departamentiniň Başlygy Bülent Korkmaz bilen Türkiýäniň Liwandaky İlçisi Hakan Çakylyň degişli bolan wekiliýeti bilen paýtagt Beýrutda duşuşdy.

Metbugata ýapyk häsýetde geçirilen duşuşykdan soň Liwanyň Saglygy goraýyş ministri Hasan; “Türkiýäniň partlamanyň ilkinji pursadyndan başlap Liwana goldaw berendigini, kömekler meselesinde depginli hereket edendigini, Liwandaky liwanlylaryň, siriýalylaryň we palestinalylaryň kömegine ylgandygy üçin Hormatly Prezidente we türk halkyna sagbolsun aýdýarys” diýdi.



Degişli Habarlar