Koronawirus täsirini dowam etdirýär

Braziliýada Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 105 müň 564, wirusa ýoluganlaryň sany 3 million 229 müň adama ýetdi

1472948
Koronawirus täsirini dowam etdirýär

 

Dünýäde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 757 müň 674, wirusa ýoluganlaryň sany 21 million 89 müň, wirusy ýeňenleriň sany 13 million 942 müň adamdan geçdi.

Epidemiýanyň merkezi ABŞ-da koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 170 müň 419, wirusa ýoluganlaryň sany 5 million 415 müň adamdan geçdi.

Epidemiýanyň Latyn Amerikadaky merkezi Braziliýada Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 105 müň 564, wirusa ýoluganlaryň sany 3 million 229 müň adama ýetdi.

Meksikada koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 627 adam artyp 55 müň 293, wirusa ýoluganlaryň sany 7 müň 371 adam artyp 505 müň 751 adama ýetdi.

Epidemiýanyň Ýewropada merkezi Britaniýada koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 41 müň 347adama ýetdi.  Wirusa ýoluganlaryň sanynyň 3 million 400 müň adama ýetip biljekdigi nygtalýar. Ýurduň tanymal uniwersitetlerinden biri bolan Imperial Kollege tarapyndan geçirlen barlaga görä kesgitlenen şol san ilatyň 6 göterimine gabat gelýär.

Kovid-19 sebäpli

Italiýada 35 müň 231

Fransiýada 30 müň 388

Ispaniýada 28 müň 605

Peruda 25 müň 648

Kolumbiýada 14 müň 145

Çilide 10 müň 299

Belgiýada 9 müň 916

Germaniýada 9 müň 281

Kanadada 9 müň 15

Gollandiýada 6 müň 165

Şwesiýada 5 müň 776

Argentinada 5 müň 362 adam ýogaldy.



Degişli Habarlar