Dünýäde koronawirusa ýoluganlaryň sany 21 million 72 müň adamdan geçdi

13 million 924 müň adam wirusy ýeňmegi başardy

1472697
Dünýäde koronawirusa ýoluganlaryň sany 21 million 72 müň adamdan geçdi

 

Dünýäde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 757 müň 471, wirusa ýoluganlaryň sany 21 million 72 müň, wirusy ýeňenleriň sany 13 million 924 müň adamdan geçdi.

Epidemiýanyň merkezi ABŞ-da koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 170 müň 415, wirusa ýoluganlaryň sany 5 million 415 müň adamdan geçdi.

Epidemiýanyň Latyn Amerikadaky merkezi Braziliýada Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 105 müň 564, wirusa ýoluganlaryň sany 3 million 229 müň adama ýetdi.

Meksikada koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 627 adam artyp 55 müň 293, wirusa ýoluganlaryň sany 7 müň 371 adam artyp 505 müň 751 adama ýetdi.

Epidemiýanyň Ýewropada merkezi Britaniýada koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 41 müň 347adama ýetdi.  Wirusa ýoluganlaryň sanynyň 3 million 400 müň adama ýetip biljekdigi nygtalýar. Ýurduň tanymal uniwersitetlerinden biri bolan Imperial Kollege tarapyndan geçirlen barlaga görä kesgitlenen şol san ilatyň 6 göterimine gabat gelýär.



Degişli Habarlar