ABŞ Eýranyň Nebitini Gatnadýan Tanker Gämilerini Saklady
Amerikan hökümeti Eýranyň nebitini gatnadýan tanker gämilerini, goýulan sanksiýalary bozandygy sebäpli saklady
“Wol Strit Jornal” gazetiniň ýokary derejeli amerikaly resmilere esaslandyrýan habaryna görä Amerikan prokurorlary geçen aý Eýranyň Wenesuela nebit ugradan 4 tankerini saklamak üçin iş gozgady.
“Luna”, “PAndi”, “Bering” we Bella” atly 4 gäminiň birnäçe wagt ozal açyk deňizde saklanandygy we gämileriň Tehas ştatynyň Hýuston portuna getirilýändigi mälim edildi.
Gämileriň saklanmagy üçin harby güýç ulanylmandygyny beýan eden resmiler, gämileriň Eýrana goýulan çäklendirmelere laýyklykda saklanandygyny beýan etdiler.
Bu waka bilen ABŞ ilkinji gezek Eýranyň nebitini gatnadýan gämälileri saklady.
ABŞ-nyň Eýrana ýadro maksatnamasy sebäpli goýan sanksiýalarynyň çäginde Eýranyň nebit girdejisiniň kesilmegi maksat edinilýär.
Eýran bolsa ýadro maksatnamasyny “parahatçylykly sebäpler bilen” kabul edendigini nygtaýar.