Eýran Ormuz bogazynyň golaýynda Liberiýanyň baýdagyny göterýän nebit tankerini waglaýynça saklady

Bu barasynda ABŞ-nyň Merkezi güýçler serkerdeligi habar berdi

1472292
Eýran Ormuz bogazynyň golaýynda Liberiýanyň baýdagyny göterýän nebit tankerini waglaýynça saklady

ABŞ-nyň Merkezi güýçler serkerdeligi (SENTKOM) Eýranyň deňiz flotuna degişli ýörite güýçleriniň dik uçardan Liberiýanyň baýdagyny göterýän “MV Wila” atly nebit tankerine düşýän pursadyny görkezýän wideo ýazgyny ýaýratdy.

SENTKOM Eýranyň deňiz flotuna degişli gämileriniň bolsa Liberiýa degişli nebit tankerini saklamaga gatnaşandygyny beýan etdi.

Amerikanyň harby goşunlaryndan adynyň tutulmagyny islemeýän resmi Eýranyň nebit tankerini 5 sagat saklandan soň boşadandygyny aýtdy.

Resmi, tankeriň saklanmazdan ozal, saklanýarka ýa-da ondan soň howp çagyryşyny bermändigini beýan etdi.

Eýranyň nebit tankerini “Skorski SH-3 Sea King” kysymly dik uçar bilen saklandygy çaklanylýar.



Degişli Habarlar