Dünýäde koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 746 müň adamdan geçdi

ABŞ-da koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 167 müň 749, wirusa ýoluganlaryň sany 5 million 305 müň 957 adamdan geçdi

1471509
Dünýäde koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 746 müň adamdan geçdi

 

Dünýäde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 746 müň 246, wirusa ýoluganlaryň sany 20 million 539 müň 733, wirusy ýeňenleriň sany 13 million 457 müň 923 adamdan geçdi.

Epidemiýanyň merkezi ABŞ-da koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 167 müň 749, wirusa ýoluganlaryň sany 5 million 305 müň 957 adamdan geçdi.

Epidemiýanyň Latyn Amerikadaky merkezi Braziliýada koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 1274 adam artyp 103 müň 99, wirusa ýoluganlaryň sany 22 müň 48 adam artyp 3 million 112 müň 393 adama ýetdi.

Meksikada Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 1 günde 926 adam artyp 53 müň 929, wirusa ýoluganlaryň sany 5 müň 558 adam artyp 492 müň 522 adama ýetdi.

Peruda epidemiýa sebäpli 21 müň 501 adam ýogaldy, 486 müň 680 adam hem hasaba alyndy.

Kovid-19 Çilide 10 müň 178 adamyň ýogalmagyna, 376 müň 616 adamyň hem hasaba alynmagyna sebäp boldy.

Epidemiýanyň Ýewropadaky merkezi Britaniýada wirus sebäpli ýogalanlaryň sany 46 müň 628, wirusa ýoluganlaryň sany 312 müň 789 adama ýetdi.

Italiýada koronawirus sebäpli 35 müň 215 adam ýogaldy, 251 müň 237 adam hem hasaba alyndy.

Fransiýada epidemiýa sebäpli 30 müň 354 adam ýogaldy, 204 müň 172 adam hem hasaba alyndy.

Koronawirus sebäpli:

Ispaniýada 28 müň 581

Kolumbiýada 13 müň 475

Belgiýada 9 müň 885

Kanadada 8 müň 991

Gollandiýada 6 müň 159

Ekwadorda 5 müň 951

Şwesiýada 5 müň 770 adam ýogaldy.


Etiketkalar: #Kovid-19 , #ABŞ , #koronawirus

Degişli Habarlar