“Baýden Saýlansa Amerikalylar Hytaý Dilini Öwrenmeli Bolar”

Donald Tramp bäsdeşi Baýdeni Hytaý bilen ýakyn hyzmatdaşlyk etmekde günäkärledi

1471287
“Baýden Saýlansa Amerikalylar Hytaý Dilini Öwrenmeli Bolar”

ABŞ-nyň Prezident Donald Tramp 3-nji noýabrda geçiriljek saýlawda Demokrat bäsdeşi Jo Baýden üstün çykan halatynda halkyň hytaý dilini öwrenmäge mejbur boljakdygyny aýtdy.

Donald Tramp gatnaşan radio ýaýlymynda Demokrat bäsdeşi Baýdeniň Hytaý meselesine bolan çemeleşmesini tankyt edip: “Saýlawda men üstün çykmasam Hytaý, ABŞ-da höküm sürer. Soňam amerikalylar hytaý dilinde gepleşmegi öwrenmäge mejbur bolar” diýdi.

Koronawirus epidemiýasy başlamazdan ozal özüniň Hytaýyň döwlet Başlygy Si Szinpin bilen ýakyn gatnaşykda bolandygyny beýan eden Tramp: “Biziň gatnaşygymyz häzirki wagtda gowy däl, sebäbi Kowid-19 meselesinde degişli çäre görmediler” diýdi.

Szinpin bilen ençeme wagtdan bäri duşuşmandygyny nygtan Tramp, Hytaýda ýüze çykan wirusyň özüniň syýasy pozisiýasyna hem täsirini ýetirendigini aýtdy.

ABŞ-nyň Prezidenti Tramp: “Hytaý epidemiýasy biziň ýurdumyza gelmezden ozal meniň pikirimçe Jorj Waşington hem saýlawda menden üstün çykmakda kynçylyk çekerdi” diýdi.

 



Degişli Habarlar