Russiýada ilkinji Kovid-19 sanjymy Saglygy goraýyş ministrligi tarapyndan tassyklandy

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin tarapyndan mesele bilen bagly beýanat berildi

1470975
Russiýada ilkinji Kovid-19 sanjymy Saglygy goraýyş ministrligi tarapyndan tassyklandy

 

Russiýada koronawirus epidemiýasyny (Kovid-19) garşy öndürilen ilkinji sanjym Russiýanyň Saglygy goraýyş ministrligi tarapyndan tassyklandy.

Mesele bilen baglanşykly beýanat Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin tarapyndan berildi.

Wladimir Putin, Gamaleýa instituty tarapyndan öndürilen, ýurdyň ilkinji Kovid-19 sanjymynyň Saglygy goraýyş ministrli tarapyndan tassyklanandygyny mälim etdi.

Sanjymyň seriýalaýyn önümçiligine ýakynda geçilmegine umyt edýändigini aýdan Putin, öz gyzyna hem şol sanjymyň edilendigini habar berdi.



Degişli Habarlar