Liwanyň Premýer ministri wezipesinden çekildi

“Beýrut portunda bolan partalama döwlet dolanşygyndaky galplyklar sebäp boldy”

1470640
Liwanyň Premýer ministri wezipesinden çekildi

 

Wezipesinden çekilen Liwanyň Premýer ministri Hassan Diýab, “Beýrut portunda bolan partalama döwlet dolanşygyndaky galplyklar sebäp boldy” diýdi.

Hassan Diýab, Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň metbugata beren beýanatynda wezipesinden çekilendigini aýtdy.

Beýanatynda ýurtdaky syýasy güýçler barada tankydy bellikler aýdan Hassan Diýab “Başdan geçirlen apata döwlet dolanşygyndaky krnoiki galplyklar sebäp boldy. Ozal hem döwlet dolanşygynda uly galplyklaryň edilýändigini aýdypdym. Şu gün galplyk ulgamynyň döwletden has uludygy ýüze çykdy. Döwlet galplyga garşy göreşip bilmeýär” diýdi.

Ykdysady çökgünlige garşy oktýabr aýynda başlan protest ýörişlerine ünsi çeken Diýab “Hökümetimiz ýurdy halas etmäge çalyşýarka olar çöküşiň jogapkärçiligini bize ýüklemäge çalyşdy” diýdi.

“Ýurduň halas edilmegi üçin gapy açmak isleýäris, şol sebäpli hem hökümetiň wezipesinden çekilendigini bildirmek isleýärin” diýdi.

Beýleki tarapdan Prezident Mişel Awn, wezipesinden çekilen Premýer ministr Diýabdan we ministrlerden täze hökümet gurulýança wezipelerini dowam etdirmeklerini talap etdi.



Degişli Habarlar