Lukaşenko: "Bu saýlaw iň kynklaryndan biri" diýdi

Belarussiýanyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, dalaşgär bolanlygy üçin şu günki prezident saýlawynyň özi üçin iň kynlarynyň biridigini belledi

1469768
Lukaşenko: "Bu saýlaw iň kynklaryndan biri" diýdi

Belarussiýanyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, prezident saýlawy üçin ýurdyň paýtagty Minsk şäherinde Belarussiýanyň Döwlet Kulturfizika uniwersitetindäki saýlaw etrapçasynda sesini berdi. 

Ses bereninden soň beýanat beren Lukaşenko, ýurtda saýlaw tapgyryndaky durnukly ýagdaýyň gözegçilikden çykmajakdygyny beýan etdi. 

Saýlawlardan soň ýurdyň çaknyşyga girjekdigini aýtmak üçin hiçi hili sebäbiň bolmandygyny aýdan Lukaşenko: "Ýagdaý kiçi däl, emma ertirden başlap ýurdyň haosa girjekdigini, çaknyşygyň we içerki söweşiň boljakdygyny aýtmak üçin hiç hili sebäp ýok. Muny tüýs ýüregimden aýdýaryn we güwä geçýärin" diýip belledi.



Degişli Habarlar