Eýranda Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 18 müň 264 adama ýetdi

Eýranda koronawirus ýokanlaryň sany bolsa 324 müň 692 adama ýetdi

1469710
Eýranda Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 18 müň 264 adama ýetdi

Täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany dünýä derejesinde 730 müň 174 adama, wirus ýokanlaryň sany 19 million 831 müň 806 adama, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 12 million 739 müň 220 adama ýetdi. 

Eýranda Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 18 müň 264 adama, wirus ýokanlaryň sany bolsa 324 müň 692 adama ýetdi. Prezident Hasan Ruhani: "Koronawirusa garşy göreşiň çäginde kabul edilen kararlaryň düzgünlerini berjaý etmeýänlere we olara ünssüz çemeleşýänlere jeza beriler" diýip belledi. Wirusyň ýene-de 6 aý täsirli boljakdygyny aýdan Ruhani: "Ýurtda koronawirusyň 2-nji tolkunyny başymyzdan geçirýäris. Öňüni alyş çäreleriň düzgünleri berjaý edilmeýänligi sebäpli wirus ýokýan adamlaryň sany artýar. Saglygy goraýyş pudagynyň hem çäklidigini ýatdan çykarmaň" diýip habar berdi. 

Wirusa ýoluganlaryň sany boýunça dünýäde 3-nji orunda duran Hindistanda, soňky 24 sagatda ýene-de 935 adamyň ýogalmagy bilen, Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 43 müň 498 adama, wirus ýokanlaryň sany bolsa 64 müň 399 adam artyp, 2 million 156 müň 756 adama ýetdi. Ýurdyň Andra Pradeş welaýatynda Kovid-19-a garşy bejergi edilýän myhmanhanalaryň birinde ýüze çykan ýangynda 11 adam ýogaldy. 

Russiýada ýogalanlaryň sany 14 müň 931 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 887 müň 536 adama ýetdi. 

Kovid-19 pandemiýasy sebäpli 6 müň 82 adamyň ýogalan, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 284 müň 121 adama ýeten Pakistanda, howa ýollaryna halkara we ýurdyň öz içindäki ýolagçy saparlaryna we ýük daşalmagyna rugsat berildi. 

Epidemiýa sebäpli 1 müň 293 adamyň ýogalan Alžirde, gije köçä çykmak gadagançylygy bolan ýurdyň 29 aýry şäherinde hususy ulaglar bilen syýahat etmek gadagançylygy ortadan aýyryldy. 

Kovid-19 sebäpli 1 müň 879 adamyň ýogalan Ukrainada, saglygy goraýyş ministrligi tarapyndan berilen beýanatda bolsa Kiýew sebiti başda bolmak bilen ýurdyň 9 sebitinde saglygy goraýyş bilen bagly ýagdýayň öňüni alyş çäreleriň gowşadylmagy üçin oňaýsyzdygy mälim edildi. 

Afrika materiginde epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany 413 adamlyk artyş bilen 22 müň 966 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 14 müň 209 adam artyp, 1 million 39 müň 678 adama ýetdi. 

Afrika materiginde Kovid-19 sebäpli iň köp adam ýitgisi çeken ýurtlar 10 müň 210 adam bilen Günorta Afrika, 4 müň 992 adam bilen Müsür gelýär. 

Kovid-19 epidemiýasy sebäpli soňky 24 sagatda Hytaýda 23 adama, Günorta Koreýada bolsa ýene-de 36 adama wirus ýokdy. 

Azerbaýjanda soňky 24 sagatda wirus sebäpli ýogalanlaryň sany 2 adam artyp, jemi 490 adama ýetdi. Ýurtda ýene-de 87 adamyň koronawirusa ýolukmagy bilen birlikde, wirus ýokanlaryň sany 33 müň 568 adama ýetdi. 


Etiketkalar: #epidemiýa , #koronawirus

Degişli Habarlar