ABŞ-da koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 165 müň 74 adama ýetdi

ABŞ-da wirus ýokanlaryň sany bolsa 5 million 150 müň 60 adamdan geçdi

1469714
ABŞ-da koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 165 müň 74 adama ýetdi

Täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany dünýä derejesinde 730 müň 174 adama, wirus ýokanlaryň sany 19 million 831 müň 806 adama, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 12 million 739 müň 220 adama ýetdi. 

Epidemiýanyň iň köp zyýan ýetiren ýurdy bolan ABŞ-da koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 165 müň 74 adamdan, wirus ýokanlaryň sany bolsa 5 million 150 müň 60 adamdan geçdi. ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Kovid-19 bilen bagly berilýän ýardamlaryň çäginde talyplaryň kreditleri, işsiz adamlara kömek, salgytlar we öý eýeleriniň kireýine oturanlary öýden çykarmazlygy bilen baglanşykly 4 aýry kararnama gol çekdi. 

Epdemiýanyň Günorta Amerikadaky güýç merkezi bolan Braziliýada, wirus sebäpli ýogalanlaryň sany 100 müň 543 adamdan, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 3 million 13 müň 369 adamdan geçdi. 

Meksikada soňky 24 sagatda koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 695 adam artyp, 52 müň 6 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 475 müň 902 adama ýetdi. 

Epdemiýanyň Ýewropadaky güýç merkezi bolan Britaniýada koronawirus sebäpli şu güni güne çenli ýogalanlaryň sany 46 müň 566 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 309 müň 763 adama ýetdi. 

Italiýada Kovid-19 sebäpli şu günki güne çenli 35 müň 203 adam ýogaldy, wirusa bolsa 250 müň 103 adam ýolukdy. 

Kovid-19-da ýogalanlaryň sany Fransiýada 30 müň 324 adama, Germaniýada 9 müň 261 adama ýetdi. 

Şu günki güne çenli 9 müň 870 adamyň ýogalan Belgiýada Kovid-19-a ýoluganlaryň sany 73 müň 401 adama ýetdi. 

Jemi 22 adamyň koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalan Täze Zelandiýada, soňky gezek hasaba alynan 1-nji maýdan bäri geçirilen testlerde Kovid-19-a ýolugan adam hasaba alynmady.


Etiketkalar: #epidemiýa , #koronawirus , #ABŞ

Degişli Habarlar