Ruhani: "Duşmanlarymyzň üstümizdäki basyşy örän agyr" diýdi

Hasan Ruhani Buşehr welaýatynda 3 nebit-himiýa desgasynyň açylyş dabarasyna wideoşekilli göni aragatnaşyk arkaly gatnaşdy

1468352
Ruhani: "Duşmanlarymyzň üstümizdäki basyşy örän agyr" diýdi

Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani, koronawirus epidemiýasy we ABŞ-nyň sanksiýalary sebäpli ýurdunyň kyn günleri başyndan geçirýändigini, ýurdyň üstündäki diplomatik we ykdysady basyşlaryň örän agyrdygyny belledi. 

Berilen beýanata görä, Buşehr welaýatynda 3 nebit-himiýa desgasynyň açylyş dabarasyna wideoşekilli göni aragatnaşyk arkaly gatnaşan Hasan Ruhani, ol ýerde eden çykyşynda ýurdyň gün tertibindäki meseleleriň üstünde durup geçdi. 

Ýurdyň örän kyn günleri başyndan geçirýändigini aýdan Ruhani: "Boýun alýaryn, duşmanlarymyzyň üstümizdäki basyşy örän agyr. Kovid-19 bilen birlikde sanksiýalara sezewar galýarys. Sanksiýalaryň ýanynda ýalan-töhmetlere sezewar galýarys. Ýalan-töhmetleriň ýanynda hemlelere sezewar galýarys. Ähli bu zatlaryň ýanynda daşary ýurt metbugat organlarynda halkyň mertligini aýyrmak isleýän duşmanlarymyz bar" diýip belledi. 

Ruhani mundan başgada çig nebitiň ýerine gaýtadan işlenen nebiti eksport etmegi meýilleşdirýändiklerini belläp: "Nebiti we gazy çig ýagdaýda eksport etmegiň ýerine, olary nebit-himiýa önümlerine öwürip satmagy meýilleşdirýäris" diýip nygtady. 


Etiketkalar: #Eýran , #nebit , #Hasan Ruhani

Degişli Habarlar