Braziliýada Kovid-19 sebäpli soňky 24 sagatda ýene-de 1 müň 437 adam ýogaldy

Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 2 million 862 müň 761 adama ýetdi

1467994
Braziliýada Kovid-19 sebäpli soňky 24 sagatda ýene-de 1 müň 437 adam ýogaldy

Dünýä derejesinde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 711 müň 305 adama, wirus ýokanlaryň sany 18 million 981 müň 548 adama, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 12 million 173 müň 365 adama ýetdi. 

Epidemiýanyň güýç merkezi bolan ABŞ-da koronawirus epidemiýasy sebäpli şu günki güne çenli ýogalanlaryň sany 161 müň 607 adama ýetdi. Ýurtda wirus ýokanlaryň sany bolsa 4 million 973 müň 741 adama ýetdi. 

Braziliýada Kovid-19 epidemiýasy sebäpli soňky 24 sagatda ýene-de 1 müň 437 adamyň ýogalmagy bilen, jemi ýogalanlaryň sany 97 müň 418 adama ýetdi. Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 2 million 862 müň 761 adama ýetdi. 

Soňky 24 sagatda 829 adamyň ýogalan Meksikada, koronawirus sebäpli adam ýitgisi 49 müň 698 adama, wirus ýokanlaryň sany bolsa 456 müň 100 adama ýetdi. 

Epidemiýanyň Ýewropadaky güýç merkezi bolan Britaniýada häzirki wagta çenli ýogalanlaryň sany 46 müň 364 adama ýetdi. Ýurtda 307 müň 184 adama bolsa wirus ýokandygy hasaba alyndy. 

Fransiýada koronawirus epidemiýasy sebäpli soňky 24 sagatda ýene-de 9 adamyň ýogalmagy bilen, ýurtdaky adam ýitgisi 30 müň 205 adama ýetdi. Ýurtda Kovid-19 ýokanlaryň sany bolsa 1 müň 695 adamlyk artyş bilen, 220 müň 746 adama ýetdi. 

Kovid-19 pandemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany Italiýada 35 müň 181 adama, Ispaniýada 28 müň 499 adama, Germaniýada bolsa 9 müň 245 adama ýetdi. 



Degişli Habarlar