Liwanyň Prezidenti Mişel Awn Beýrutdaky partlama bilen bagly beýanat berdi

Liwanyň paýtagty Beýrut şäherindäki partlamada ýogalanlaryň sany 100 adama, ýaralanan adamlaryň sany 4 müň adama ýetdi

1467515
Liwanyň Prezidenti Mişel Awn Beýrutdaky partlama bilen bagly beýanat berdi

Liwanyň Prezidenti Mişel Awn, ýangynyň eýýäm 6 ýyl bäri ammarda hiç hili öňüni alyş çäre görülmeden saklanýan 2 müň 750 tonna ammoniý nitradynyň partlamagy netijesinde bolandygyny belläp: "Bu kabul edilmez" diýip belledi. Mişel Awn, partlama sebäp bolanlaryň we ähli jogapkärleriň iň agyr ýagdaýda jezalandyryljakdygyny habar berdi.  

Liwanyň resmi NNA habarlar agentliginiň berýän habaryna görä, Beýrut portynda partlaýjy maddalaryň ýerleşýän 12 nomerli ammarda ýangyn ýüze çykdy. 

Ýangyn sebäpli güýçli partlama boldy. Partlamanyň sesi şäheriň töweregindäki etraplarda hem eşidildi. 

Wakada ýogalan adamlaryň sany 100-e, ýaralanan adamlaryň sany bolsa 3 müňe ýetdi. Ýaralanan adamlaryň arasynda Türkiýäniň 6 raýatynyň hem bardygy mälim edildi. 

Partlamada ýurdyň ozalky Premýer ministri Saad el-Haririniň öýi bilen birlikde hökümet binalaryna, töwerekdäki ýaşaýyş ýerlerine, köçelere zyýan ýetip, ýumrulan 3 gatly binanyň aşagynda bolsa entegem adamlaryň bardygy aýan edildi. 

Içeri işler edarasynyň müdüri, wakanyň ozal ele salynan partlaýjylaryň saklanýan ammarlaryň birinde ýangynyň ýüze çykmagy bilen bolandygyny habar berdi. 

Premýer ministr Hassan Diýab: "Şu gün başdan geçirilen heläkçiligiň jogapkärlerinden hasap soralar" diýip belledi. Goranmak ministri Zeýne Aker hem, jogapkärleriň kazyýetiň öňüne çykryljakdygyny mälim etdi. 

Ýurtda milli ýas yglan edildi.

Ýokary Goranyş Geňeşi, heläkçiligiň bolan Beýrut şäherinde 2 hepdeligine adatdan daşary ýagdaý yglan etdi. 

Partlamanyň BMG-nyň Halkara Liwan kazyýetiniň ýurdyň ozalky Premýer ministri Refik Haririniň janyna kast edilmegi bilen baglanşykly kazyýet işiniň netijesiniň aýan edilmegine birnäçe gün galanda bolmagy ünsleri özüne çekdi. 

Beýleki tarapdan adynyň aýan edilmegini islemedik Ysraýylly resmiler, Tel-Awiwiň Beýrutdaky partlama bilen arabaglanşygynyň bolmandygyny öňe sürdi. 

Ysraýylly resmiler, ýerli metbugata beren beýanatlarynda Ysraýylyň waka bilen arabaglanşygynyň bardygy baradaky öňe sürmeleri ret edip, partlamanyň näsazlyklar sebäpli bolan bolup biljekdigini nygtadylar. 

Liwandaky Hizbullah hem ýurdyň paýtagty Beýrut şäherindäki partlamanyň çeşmesiniň, Ysraýyl tarapyndan özlerine degişli ýarag ammarlaryna garşy guralan bir hüjümdigi baradaky öňe sürmeleriň nädogrydygyny belledi. 

Beýrudyň gubernatory Merwan Abbud, Beýrut portynda bolan partlamanyň 3 bilen 5 milliard dollar aralygynda zyýana sebäp bolandygyny habar berdi. 

Beýleki tarapdan Katar, Yrak we Iordaniýa partlamadan soň Liwana 4 sany göçme hassahana we lukmançylyk kömek ugratdy. 


Etiketkalar: #Beýrut , #port , #ammar , #partlama , #Liwan

Degişli Habarlar