Beýrudyň gubernatory Merwan Abbud we ýurdyň müftisi Abdullatif Derýan beýanat berdiler

Liwanyň paýtagty Beýrut şäherindäki partlamada ýogalanlaryň sany 100 adama, ýaralanan adamlaryň sany 4 müň adama ýetdi

1467631
Beýrudyň gubernatory Merwan Abbud we ýurdyň müftisi Abdullatif Derýan beýanat berdiler

Liwanyň resmi NNA habarlar agentliginiň berýän habaryna görä, Beýrut portynda partlaýjy maddalaryň ýerleşýän 12 nomerli ammarda ýangyn ýüze çykdy. 

Ýangyn sebäpli güýçli partlama boldy. Partlamanyň sesi şäheriň töweregindäki etraplarda hem eşidildi. 

Wakada ýogalan adamlaryň sany 100-e, ýaralanan adamlaryň sany bolsa 3 müňe ýetdi. Ýaralanan adamlaryň arasynda Türkiýäniň 6 raýatynyň hem bardygy mälim edildi. 

Beýrudyň gubernatory Merwan Abbud, Beýrut portynda bolan partlamanyň 3 bilen 5 milliard dollar aralygynda zyýana sebäp bolandygyny habar berdi. 

Merwan Abbud, metbugata beren beýanatynda: "Beýrut apat zolagy boldy. Şäheriň ýarsy ýurmuldy. Partlamanyň netijesinde öýlerini terk etmäge mejbur galan ýüz müňlerçe adam 2-3 aýdan bäri öýlerine gaýdyp gelip bilmez" diýip mälim etdi. 

Merwan Abbud, dereksiz ýiten adamlaryň sanynyň entege çenli doly anyklanmandygyny aýan etdi. 

Beýleki tarapdan partlama sebäpli sebitde uly zyýan ýeten myhmanhanalaryň 90 göteriminiň ulanyp bolmajak ýagdaýa gelendigi beýan edildi. 

Partlamanyň bolan ammaryň edil ýanynda ýerleşýän galla ammary hem dolulygyna ýok boldy. 

Ýurtdaky ýerli media organlarynyň berýän habaryna görä, partlamadan soň Liwanyň elinde diňe 1 aýlyk galla ätiýajy galdy. 

Liwanyň Müftisi Abdullatif Derýan beren ýazmaça beýanatynda, ýurtdaky döwlet edaralaryna we syýasy güýçlere Liwanlylara hyzmat etmek üçin tagalla we hyzmatdaşlyk etmäge çagyrdy. 

Derýan Arap ýurtlarynada partlama sebäpli başda geçirilýän krizisiň hötdesinden gelmek üçin ýurduna kömek ugratmaga çagyrdy. 

Beýleki tarapdan Katar, Yrak we Iordaniýa partlamadan soň Liwana 4 sany göçme hassahana we lukmançylyk kömek ugratdy. 

 



Degişli Habarlar