ABŞ-da Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 160 müň 290 adamdan geçdi

koronawirudan soň saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany 11 million 925 müň a746 damdan geçdi.

1467266
ABŞ-da Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 160 müň 290 adamdan geçdi

 

Täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany dünýä derejesinde 704 müň 438 adamdan geçdi. Dünýäde wirusa ýoluganlaryň sany 18 million 708 müň 865 adamdan, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 11 million 925 müň a746 damdan geçdi. 

160 müň 290 adamyň ýogalan, wirusa ýoluganlaryň sany 4 million 918 müň 420 adama ýeten, epidemiýanyň güýç merkezi ýagdaýyndaky ABŞ-da, Prezident Donald Tramp ýurdunyň ýogalan we wirus ýokan adamlaryň sanynyň köplügi boýunça dünýäde 1-nji orunda bolmagyny: "Adamlar ölýär, bu dogry. Emma bu biziň elimizden gelýänini etmeýändigimizi manysyny bermeýär. Pandemiýa, ýurdumuzda gözegçilik astynda saklap biljegimiz derejede gözegçilik astynda. Bu elhenç bir kesel" diýip belledi. 

Braziliýada koronawirus epidemiýasy sebäpli soňky 24 sagatda ýene-de 1154 adamyň ýogalmagy bilen, ýurtda Kovid-19 sebäpli adam ýitgisi 96 müň 96-a, wirus ýokanlaryň sany bolsa 51 müň 603 adam artyp, 2 million 808 müň 76 adama ýetdi. 

Meksikada epidemiýa sebäpli soňky 24 sagatda ýogalanlaryň sany 857 adam artyp, 48 müň 869 adama ýetdi. Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 6 müň 148 adamlyk artyş bilen 449 müň 961 adama ýetdi. 

Epidemiýanyň Ýewropadaky güýç merkezi bola Britaniýada wirus sebäpli şu günki güne çenli 46 müň 299 adam ýogaldy, 306 müň 293 adam bolsa wirusa ýolukdy. 

209 adamyň ýogalan Gresiýada, wirusa ýoluganlaryň sany soňky 24 sagatda 121 adamyň artyş bilen 4 müň 855 adama ýetdi. 

Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany Italiýada 35 müň 171, Fransiýada 30 müň 296, Ispaniýada 28 müň 498, Kanadada 8 müň 958, Awstraliýada 247 adama ýetdi. 



Degişli Habarlar