Imran Han gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly beýanat berdi

Imran Han, Eýran bilen Saud Arabystanynyň arasyndaky çaknyşygyň sebit üçin erbet bir ssenariýdigini belledi

1466496
Imran Han gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly beýanat berdi

Pakistanyň Premýer ministri  Imran Han, merkezi Katarda ýerleşýän El-Jezire telewideniýe kanalyna beren beýanatynda, ýurdunyň Ýakyn Gündogar boýunça pozisiýasynyň üstünde durup geçdi.

Imran Han: "Sebit üçin iň erbet ssenariý Eýran bilen Saud Arabystanynyň arasynda ýüze çykjak gönüden çaknyşyk" diýip habar berdi. 

Ýurdunyň munyň öňüni almaga synanyşýandygyny aýdan Han: "Tähran bilen Riýadyň arasyndaky töwellaçylygymyz dowam edýär" diýip mälim etdi. 

Imran Han, musulmanlaryň Hindistandaky diskriminasiýasynyň hem üstünde durup geçip: "Hindistanda musulmanlara garşy edilýänler jöhitleriň Nasist Germaniýada sezewar bolanlaryna meňzeýär" diýip belledi. 

Ýurdunyň Ýemende parahatçylygy ýola goýmaga synanyşýandygyny aýdan Han, sebitde başdan geçirilýänlere ynsanperwer krizis hökmünde häsýetlendirdi. 

Pakistanyň Premýer ministri Imran Han, Türkiýe bilen edilýän ikitaraplaýyn gatnaşyklar barada bolsa: "Türkiýe bilen ykdysady gatnaşyklarymyzy artdyryp, gatnaşyklarymyzy çuňlaşdyrmak isleýäris" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar