Tanzaniýada parom gämisiniň batmagy netijesinde 10 adam ýogaldy

Polisiýa gullugynyň resmisi James Manýama hadysa bilen bagly beýanat berdi

1465587
Tanzaniýada parom gämisiniň batmagy netijesinde 10 adam ýogaldy

Tanzaniýanyň günbatarynda ýolagçylary daşaýan bir parom gämisiniň batmagy netijesinde 10 adam ýogaldy. 

Polisiýa gullugynyň resmisi James Manýama, Tanganýika kölünde ýolagçylary daşaýan parom gämisiniň aşa güýçli ýel sebäpli batandygyny habar berdi. 

Manýama wakada 10 adamyň ýogalandygyny, halas ediş işleriniň netijesinde bolsa 87 adamyň halas edilip ýetişilendigini mälim etdi. 


Etiketkalar: #Tanzaniýa , #parom , #gämi

Degişli Habarlar