Kovid-19 adam ýitgilerine sebäp bolmaga dowam edýär

Dünýäde koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany 11 million 334 müň adamdan geçdi

1465778
Kovid-19 adam ýitgilerine sebäp bolmaga dowam edýär

Täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli dünýä derejesinde ýogalanlaryň sany 688 müň 982 adamdan, wirus ýokanlaryň sany 18 million 26 müň adamdan, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 11 million 334 müň adamdan geçdi. 

Dünýäde wirusa ýolugan adamlaryň sanynyň köplügi boýunça 3-nji orunda durýan Hindistanda Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 37 müň 415 adama, wirus ýokanlaryň sany bolsa 1 million 754 müň adama ýetdi. 

Russiýada koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 14 müň 58 adama, wirus ýokanlaryň sany bolsa 845 müň 443 adama ýetdi. 

Yrakda Kovid-19 sebäpli soňky 24 sagatda ýene-de 64 adamyň ýogalmagy bilen, ýurtdaky adam ýitgisi şeýlelik bilen 4 müň 805-e ýetdi. Ülkede wirus ýokanlaryň sany bolsa 2 müň 94 adam artyp, 126 müň 704 adama ýetdi. 

Koronawirus epidemiýasy sebäpli 16 müň 982 adamyň ýogalan Eýranda, 1999-njy ýylda alynan "Ataşyň Gelini" filmi bilen meşhur bolan režissýor Hüsrew Sinai, 79 ýaşynda koronawirusa garşy bejergi alýan Tähran şäherindäki Emir Alem hassahanasynda ýogaldy. 

Ysraýylda wirus sebäpli ýogalanlaryň sany 512 adama, koronawirusa ýoluganlaryň sany bolsa 70 müň 970 adama ýetdi. Ýurtda Iýerusalim işleri ministri Rafi Peretziň hem Kovid-19-a ýolugandygy mälim edildi. 

Afrika materiginde ýogalanlaryň sany 20 müň 12 adama, wirus ýokanlaryň sany bolsa 947 müň 104 adama ýetdi. Kovid-19 sebäpli Afrika materiginde iň köp adam ýitgisi Günorta Afrikada çekildi. Koronawirus sebäpli Günorta Afrikada 8 müň 153 adam, Müsürde 4 müň 834 adam, Alžirde 1223 adam, Nigeriýada 883 adam we Sudanda 752 adam ýogaldy. 



Degişli Habarlar